Eýranyň täze prezidenti: Eýranyň Palestini goramak syýasaty üýtgemez
(last modified Tue, 30 Jul 2024 08:15:56 GMT )
Jul 30, 2024 13:15 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň täze prezidenti: Eýranyň Palestini goramak syýasaty üýtgemez

Eýranyň täze prezidenti, Palestina Yslam Jihadynyň Baş sekretary bilen bolan duşuşygynda Eýran Yslam Respublikasynyň ezilenlere, şol sanda Palestina halkyna goldaw bermek baradaky pozisiýalaryny we syýasatlaryny üýtgewsiz hasaplady.

IRIB habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň täze prezidenti "Masud Pezeşkian" duşenbe güni Palestina Yslam Jihadynyň Baş sekretary "Ziýad Nakhale" bilen duşuşyp, ezilenlere goldaw bermek, şol sanda Palestina halky we Kudsyň azat edilmegi baradaky Eýran Yslam Respublikasynyň pozisiýalaryny we syýasatlaryny mälim etdi we döwletleriň üýtgemegi bilen bu syýasatyň üýtgemejekdigini aýtmak bilen ezilen Palestina halkynyň isleglerini goldamak güýç bilen dowam eder we hiç bir faktor bu ugurdaky erkimizi bozup bilmez diýdi.

Pezeşkian bu duşuşygyň Eýran bilen garşylyk toparlarynyň, esasanam palestinaly doganlar bilen Mujahidleriň arasynda uzaklyk döretmäge synanyşýanlar üçin möhüm habardygyny aýtdylar.

Eýranyň prezidentliginiň 14-nji möhletiniň kasam kabul ediş dabarasyna gatnaşmak üçin Tährana gelen Palestina Yslam Jihad Hereketiniň Baş sekretary "Ziýad Nakhale" Gazada ýaşaýan ezilen palestinalylar häzirki wagtda eziji ulgamyň we sebitdäki wekilleriniň artykmaçlygyna garşy durmakda öňdäki hatarda durýarlar we Eýranyň garşylygy goldamakdaky sesi we pozisiýasy garşylyk we durnuklylyk ruhuny saklamakda möhüm täsir edýär diýdi.

Palestina Yslam Jihad Hereketiniň Baş sekretary şeýle-de, Palestina halkynyň Eýranyň goldawyny asla ýatdan çykarmajakdygyny aýtdy.

Tags