Eýran ABŞ-nyň Siriýa garşy bir taraplaýyn sanksiýalarynyň ýatyrylmagyny nygtady
Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky wekili ABŞ-nyň Siriýa garşy bir taraplaýyn sanksiýalarynyň ýatyrylmagyny isledi.
2011-nji ýyldan bäri Amerika we onuň ýaran ýurtlary terrorçylary goldamak üçin Siriýany dürli sanksiýalar bilen nyşana aldylar.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi we hemişelik wekili "Amir Said Irwani" Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Siriýa halkyny köpçülikleýin jezalandyrmak üçin birtaraplaýyn adamkärçiliksiz sanksiýalary ulanmagyny dowam etdirýändigini aýtmak bieln bu ýurda garşy sanksiýalaryň derrew ýatyrylmagyny nygtady.
Howpsuzlyk Geňeşiniň mejlisinde Günbatar Aziýadaky we Siriýadaky ýagdaýlar barada çykyş eden Irwani, Siriýadaky gumanitar ýagdaýyň henizem agyrdygyny we bu ýurduň halkynyň agyr ykdysady kynçylyklara duçar bolýandygyny aýtdy.
Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky wekili, ynsanperwer kömeginiň syýasylaşdyrylmagy we Siriýanyň gaýtadan dikeldilmegine halkara goldawynyň öňüni almak, esasanam ABŞ we onuň günbatar ýaranlary tarapyndan amala aşyrylýan konfliktleriň dowam etmegine we Siriýanyň halkynyň görgüleriniň agyrlaşmagyna sebäp boldy diýdi.
Erwani, Amerikan güýçleriniň bikanun bolmagy Siriýadaky durnuksyzlygyň we howpyň esasy çeşmesidigini we terrorçy toparlaryň has köp jenaýat etmegini üpjün edýändigini aýtdy.
Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky wekili, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Siriýada bikanun bolmagy bu ýurduň özygtyýarlylygyny we territorial bitewiligini, halkara kanunlaryny, Birleşen Milletler Guramasynyň jarnamasyny we Howpsuzlyk Geňeşiniň kararlaryny, şol sanda 2254-nji rezolýusiýany bozýandygyny aýtmak bilen terrorçylyga garşy göreş bu çynlakaý düzgün bozmalary hiç hili aklap bilmez diýdi.