Aug 29, 2024 14:28 Asia/Ashgabat
  • Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri Türkmenistan bilen gatnaşyklary giňeltmegiň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekdiler

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri Hezreti Aýatolla Hameneýi, Türkmenistanyň milli lideri Gurbanguly Berdimuhammedow we oňa gatnaşýan delegasiýa bilen bolan duşuşygynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmegiň möhümdigini aýtmak bilen soňky ýyllarda Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar gowy ösdi, ýöne mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmek üçin köp mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar.

Ýokary lideriň edarasynyň maglumat bazasyna görä, Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri Hezreti Aýatolla Hameneýi, umumy bähbitlere esaslanýan gatnaşyklary giňeltmegiň iki ýurduň bähbidine bolandygyny aýtmak bilen Masud Pezeşkianyň täze döwletiniň bolmagy bilen iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň giňelmegi bilen baglanyşykly işler has güýç bilen dowam eder diýip umyt edýäris diýdiler.

Hezreti Aýatolla Hameneýi, Türkmenistanyň milli lideriniň iki ýurduň bilelikdäki taslamalary, şol sanda Günorta-Demirgazyk awtoulag ýoly taslamasy we we Türkmenistan gaz geçirijisini ösdürmek meýilnamasy baradaky sözlerine salgylanyp, bu meýilnamalara möhüm baha berdiler we Eýranly hünärmenleriň we bilermenleriň gatnaşmagynda bu uly taslamalaryň durmuşa geçirilmegi iki ýurduň arasyndaky ýakyn gatnaşyklary hasam ýakynlaşdyrar diýip beýan etdiler.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri, şeýle hem Eýranyň prezidentiniň Türkmenistan bilen gatnaşyklary giňeltmek baradaky ýokary islegine ünsi çekip ýollar we şähergurluşyk ministri hanym Farzaneh Sadeg, bilelikdäki komissiýanyň başlygy hökmünde islenýän netijelere ýetmek üçin iki ýurduň şertnamalaryny yzarlar diýdiler.

Masud Pezeşkianyň gatnaşmagynda geçirilen bu duşuşykda, Türkmenistanyň milli lideri Gurbanguly Berdimohamedow iki ýurdy biri-birine garyndaşlary diýip atlandyrdy we Tähranda jenap Prezident bilen gowy we konstruktiw gepleşikler geçirdim we gol çekilen şertnamalaryň gowy netijelere ýetjekdigine umyt edýärin diýdi.

Türkmenistanyň milli lideri, Eýranyň merhum prezidenti Ebrahim Raisiniň hatyrasyna hormat goýdy we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek üçin möhüm çärelerine yşarat edip, Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky uzyn we umumy serhet hemişe parahatçylygyň we dostlugyň serhedi bolupdy we bolar we biz ähli ugurlarda gatnaşyklary giňeltmäge taýýardyrys diýip sözlerine goşdy.

Tags