Sep 07, 2024 11:24 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky wekilçiligi Russiýa ballistik raketalary ibermek baradaky toslamany ret etdi

Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky wekiliýeti Russiýa ballistik raketalary iberendigi baradaky habarlary ret etdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Ukraina konflikti baradaky pozisiýasy üýtgemedi. Eýran, adam we infrastruktura ýitgileriniň ýaýramagyna we ýaraşyk gepleşiklerinden daşlaşmagyna sebäp bolýan gapma-garşy taraplara harby kömek ibermegi adamkärçiliksiz hasaplaýar. Şonuň üçin diňe özi bu hereketi etmekden saklanmak bilen kanagatlanman eýsem, beýleki ýurtlary hem konflikte gatnaşýan taraplara ýarag ibermegi bes etmäge çagyrýar diýip Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky wekiliýeti yglan etdi.

Tags