Aragçi: Eýran we Saud Arabystany sebite howpsuzlyk we durnuklylyk getirip biler
(last modified Thu, 10 Oct 2024 07:21:55 GMT )
Oct 10, 2024 12:21 Asia/Ashgabat
  • Aragçi: Eýran we Saud Arabystany sebite howpsuzlyk we durnuklylyk getirip biler

Eýranyň Daşary işler ministri, Eýran bilen Saud Arabystanynyň has ýokary syýasy erk bilen sebite howpsuzlygy we durnuklylygy getirip biljekdigini aýtdy.

Eýranyň Daşary işler ministri Seýid Abbas Aragçi şu gün (penşenbe) X sosial ulgamynda geografiýanyň Eýrany we Saud Arabystanyny hemişe goňşuçylykda saklaýandygyny we imanyň hem iki ýurdy hemişe dost we dogan edýändigini ýazdy.

Aragçi şeýle-de ähli musulmanlaryň, esasanam Palestina we Liwanyň mazlum, ýöne gahryman halkynyň hormatyny we buýsanjyny isledi.

Eýranyň Daşary işler ministri sebitdäki wakalar boýunça diplomatik geňeşmeleriň çäginde çarşenbe güni Saud Arabystanyna baryp, şazada Muhammet bin Salman we Saud Arabystanynyň Ministrler Geňeşiniň başlygy we bu ýurduň Daşary işler ministri "Faýsal Bin Farhan" bilen duşuşdy.

Eýranyň Daşary işler ministriniň sözlerine görä, Saud Arabystanyň häkimiýetleri bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge we sebitdäki soňky wakalara gönükdirilen peýdaly we konstruktiw maslahatlar geçirildi.

Eýranyň diplomatik gullugynyň başlygy Saud Arabystanyň resmileri bilen duşuşygynda Sionist režimiň uruş jenaýatlaryny, şol sanda Gazadaky genosidi we Liwana garşy harby agressiýany derrew duruzmak üçin hyzmatdaşlygyň zerurdygyny aýtmak bilen, awaralara tiz kömek berilmelidigini nygtady.

Tags