Eýran mejlisiniň başlygy: Sebit ýurtlarynyň hyzmatdaşlygyny giňeltmek halklaryň we hökümetleriň peýdasynadyr
(last modified Thu, 10 Oct 2024 09:40:22 GMT )
Oct 10, 2024 14:40 Asia/Ashgabat
  • Eýran mejlisiniň başlygy: Sebit ýurtlarynyň hyzmatdaşlygyny giňeltmek halklaryň we hökümetleriň peýdasynadyr

Eýranyň Yslam Şura mejlisiniň başlygy, Eýranyň sebit ýurtlary, esasanam dostlukly ýurtlar bilen hyzmatdaşlygyň we gatnaşyklaryň giňelmegine uly ähmiýet berýändigini we munuň halklara we hökümetlere peýdalydygyny aýtdy.

IRIB habar gullugynyň habaryna görä, mejlisiň ykdysady hyzmatdaşlygy çäginde Täjigistana sapar eden Eýranyň Yslam Şura mejlisiniň başlygy Muhammet Bager Galibaf, bu ýurduň Milli mejlisiniň başlygy "Rostam Ymam Aly" bilen bolan duşuşygynda dostlukly we bir dilde gürleýän ýurda saparyndan hoşaldygyny aýtmak bilen, soňky üç ýylda iki ýurduň arasyndaky söwda we ykdysady alyş-çalyş mukdary iki esse artdy, bu Eýran bilen Täjigistanyň arasyndaky uly mümkinçilikler sebäpli hasam artmalydyr diýdi.

Galibaf, Eýran bilen Täjigistan Respublikasynyň arasynda dürli hyzmatdaşlyk resminamalarynyň ýerine ýetirilişine ünsi çekip, Tähran bilen Duşanbäniň arasynda 100-e golaý syýasy, ykdysady, medeni we parlament hyzmatdaşlygy resminamalaryna gol çekilmegi we wizalaryň ýatyrylmagy we ykdysady alyş-çalyşlaryň ýeňilleşdirilmegi iki ýurduň hyzmatdaşlygy giňeltmek islegini we tutanýerliligini görkezýär diýdi.

Täjigistan Milli Mejlisiniň başlygy hem Eýranyň parlament wekiliýetiniň bu ýurda saparynyň Eýran bilen Täjigistanyň iki ýurdunyň arasyndaky syýasy, ykdysady we medeni parlament gatnaşyklaryny we hyzmatdaşlygyny has-da giňeltjekdigine umyt bildirdi.

Eýranyň Yslam Şura mejlisiniň başlygy şeýle-de Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen bolan duşuşygynda iki ýurduň mümkinçiliklerine we ukyplaryna ünsi çekip,  hemmetaraplaýyn gatnaşyklaryň giňelmegine we özara hyzmatdaşlygyň 50 resminamasynyň durmuşa geçirilmegine ikitaraplaýyn ykdysady we täjirçilik hyzmatdaşlygynyň ösüşi üçin möhüm ädim hökmünde garady.

Eýran Yslam Respublikasy Täjigistanyň garaşsyzlygyny ykrar eden ilkinji ýurtlaryň arasynda bolup, Duşanbe şäherinde ilçihanasyny açan ilkinji ýurt boldy.