Tähranyň Juma namazynyň ymamy: Strategiki taýdan Ysraýyl gutardy
(last modified 2024-10-18T11:10:41+00:00 )
Oct 18, 2024 16:10 Asia/Ashgabat
  • Tähranyň Juma namazynyň ymamy: Strategiki taýdan Ysraýyl gutardy

Tähranyň juma namazynyň hatyby Sionist režimi strategiki taýdan gutardy we ýok edildi diýip hasaplady.

IRIB habar gullugynyň habaryna görä, Tähranyň juma namazynyň wagtlaýyn ymamy Hojjatul-Yslam wal-Muslimin Seýid Muhammet Hasan Abu Torabifard Sionistler agyr harby çykdajylary çekenlerinden soň, Gaza zolagyna hüjüm etmekde kesgitlenen maksatlaryna ýetip bilmediler we bir ýyldan gowrak wagt bäri çekeleşikli söweşden ejir çekýärler diýdi.

Hojjatul-Yslam wal-Muslimeen Seýid Muhammet Hasan Abu Torabifard sözüniň dowamunde şeýle-de Günbatar hünärmenleri Ysraýylyň strategiki taýdan tükenendigini we sosial hakykat nukdaýnazaryndan aşa durnuksyz we sarsgynlydygyny ýazdylar diýip nygtady.

Tähranyň Juma namazynyň hatyby şeýle-de, Sionist režime garşy “Sadeq Wada 2” operasiýasyna ünsi çekip, bu amal, bu režime we hyzmatdaşlaryna ar alyş çäreleri babatynda çynlakaý duýduryş beren dünýädäki iň çylşyrymly ballistik raketa hüjümidir diýdi.

Hojjatul-Yslam wal-Muslimin Abu Tarabifard, sionistleriň Liwan we Palestina garşylygyndan ýeňilendigini hem yşarat edip, Sionistler Gazada we Liwanda çozuşlaryny dowam etdirseler Sionist režimiň gegemoniýasyny aýak astyna alýan Gazanyň we Liwanyň Hizbullahynyň garşylygynyň gudratyna garaşmaly bolar diýdi.

Tähranyň juma namazynyň wagtlaýyn ymamy şeýle hem Liwandaky Hizbullahyň Baş sekretary Şehit Seýid Hasan Nasrollany arap dünýäsiniň we Liwanda milli jebisligiň baýdagy göteriji hökmünde hasaplamak bilen, bu häsiýet onuň batyrlygynyň, paýhasynyň we ruhubelentliginiň alamatydy diýip  beýan etdi.

Tags