Bagaýi: Eýranyň baha bermeginiň ölçegi Amerikan hökümetiniň işidir
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary, Amerikanyň dürli hökümetleriniň öňki syýasatlaryndan we çemeleşmelerinden gaty ajy tejribelerimiziň bardygyny aýtmak bilen, Eýran üçin möhüm zat we baha beriş ölçegi Amerikan hökümetiniň işi we alyp baryşydyr diýdi.
IRNA-nyň habaryna görä, şu gün (penşenbe) Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary "Ysmaýyl Bagaýi" Amerikada saýlawlaryň geçirilişine yşarat edip, Saýlawlar Waşingtonyň geçmişdäki ýerliksiz çemeleşmelerini gözden geçirmäge mümkinçilikdir diýdi.
Begaýi şeýle-de Amerikanyň prezidentiniň saýlanmagynyň şol ýurduň halkynyň jogapkärçiligi bilen bolýandygyny aýtmak bilen Indi bolsa Amerikan halky öz kararyny berdi diýip beýan etdi.
Ahyrynda, 5-nji noýabrda geçirilen ABŞ-nyň 2024-nji ýyldaky prezident saýlawy tamamlandy we ahyrky netijeleri yglan edildi.
ABŞ-nyň prezident saýlawynda saýlaw sesleriniň iň soňky sanalmagy bilen respublikan kandidat Donald Trump, 295 saýlaw sesini alyp, 2024-nji ýylda geçirilen ABŞ-nyň prezident saýlawynda resmi taýdan ýeňiş gazandy. Demokratik dalaşgär Kamala Harris 226 saýlaw sesini aldy.