Aragçi: Germaniýanyň häkimiýetleri "Jamşid Şarmahdiň" terroristdigini boýun almaly
(last modified Sat, 09 Nov 2024 07:56:50 GMT )
Nov 09, 2024 12:56 Asia/Ashgabat
  • Aragçi: Germaniýanyň häkimiýetleri

Eýranyň daşary işler ministri Germaniýanyň häkimiýetleriniň we jemgyýetiniň "Jamşid Şarmaheiň" nemesli terrorçysydygyny kabul etmelidigine umyt bildirdi.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministri Seýid Abbas Aragçi Jamşid Şarmahdiň terror toparynyň ýolbaşçysydygyny aýdyp bu nemes döwlet işgärleriniň äsgermezlik edýän we aýtmagy halamaýan hakykatdyr diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministri Germaniýanyň "Şpiegel" gazetine beren interwýusynda, öz aýtmagyna görä, Şarmahd Eýranyň günortasyndaky Şirazda on dört adamyň ölmegine we 200-den gowrak adamyň ýaralanmagyna sebäp bolan metjidiň partlamagyna jogapkärdir diýip beýan etdi.

Aragçi şeýle-de Şarmahdiň boýun almagy tussag edilmegden soň däl-de, tussag edilmezden ozala baglanyşykly! Onuň Amerikada bolan wagty teleýaýlym kanallaryna beren interwýusynda bu hereketi buýsanç bilen ýatlap Eýran Yslam Respublikasy bilen söweşe gidendigini aýdýan zamany aýtdy.

Eýranyň diplomatik gullugynyň başlygy Şarmahdiň terrorçydygyny we 14 adamy öldürendigini aýtmak bilen, ol Eýranly hökmünde tussag edilip, Eýrana geçirildi we Eýranyň kanunlaryna esaslanýan adalatly kazyýetde ölüm jezasyna höküm edildi.

Yslam Eýranyň mazlum we güýçli halkyna garşy "Tonder" hakyna tutma we terrorçylyk toparynyň ençeme ýyllap dowam eden erbetliklerinden we jenaýatlaryndan soň, ýüzlerçe bigünä eýranlynyň şehit bolmagyna we ýaralanmagyna sebäp bolan bu terror toparynyň lideri "Jamşid Şarmahd", eden işleri üçin 28-nji oktýabr, duşenbe güni jezalandyryldy