Eýran Siriýa we beýleki ýaranlara goldaw bermegini dowam etdirjekdigini nygtady
(last modified Thu, 21 Nov 2024 10:47:27 GMT )
Nov 21, 2024 15:47 Asia/Ashgabat
  • Eýran Siriýa we beýleki ýaranlara goldaw bermegini dowam etdirjekdigini nygtady

Eýranyň Prezidenti Siriýanyň Daşary işler ministri bilen bolan duşuşygynda Eýran Siriýa we sebitdäki dostlaryna goldaw bermegini dowam etdirýär diýdi.

IRNA-nyň habaryna görä, Masud Pezeşkian çarşenbe güni agşam Tähranda Siriýanyň Daşary işler ministri Bassam Sabbag bilen bolan duşuşygynda Yslam ýurtlarynyň biri-biri bilen agzybirligi bar bolsady, sionist režimiň Yslam ýurtlaryna garşy beýle jenaýat edip bilmejekdigini aýtmak bilen Eýran dostlaryna goldaw bermekden el çekmez diýdi.

Pezeşkian şeýle-de yslam ýurtlarynyň agzybirliginiň we hyzmatdaşlygynyň ähli musulmanlara ösüş we kämillik getirip biljekdigine ynanýarys diýip beýan etdi.

Şeýle hem Pezeşkian Eýran bilen Siriýanyň arasyndaky gatnaşyklary dini, medeni we taryhy umumylyklara esaslanýan diplomatik gatnaşyklardan ýokary hasaplap, Eýran Yslam Respublikasynyň, dostlukly we dogan ýurt Siriýa bilen dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge we çuňlaşdyrmaga gyzyklanýar diýip nygtady.

Siriýanyň Daşary işler ministri "Bassam Sabbag" hem bu duşuşykda bu ýurdunyň prezidentiniň mähirli salamlaryny ýetirmek bilen öz ýurdunyň prezidentiniň Pezeşkianyň Siriýa gelmegi üçin çakylygy berendigini aýtmak bilen Eýran bilen Siriýanyň arasyndaky gatnaşyklar yzygiderli giňelýär we biziň edýän tagallalarymyz, iki ýurduň artykmaç syýasy gatnaşyklaryna esaslanýan dürli ykdysady, söwda we medeni ugurlarda özara gatnaşyklara täzeçe garamakdyr diýdi.