Bagaýi: Nowruzyň Eýran siwilizasiýasynda gadymy kökleri bar
(last modified Tue, 25 Mar 2025 10:24:14 GMT )
Mar 25, 2025 15:24 Asia/Ashgabat
  • Bagaýi: Nowruzyň Eýran siwilizasiýasynda gadymy kökleri bar

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary, Nowruzyň türk dilli adamlar üçin baýram güni bolandygyny aýdýan Türkiýäniň prezidentiniň aýdanlaryna salgylanyp bu sözler Nowruzyň asylly sargydynyň çuňlugynyň we baýlygynyň alamaty diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Ismail Bagaýi X sosial ulgamda Nowruzyň Eýran siwilizasiýasynyň gadymy kökleri bar we Eýranyň platosynda uzak wagt bäri bellenilip geçilýär diýdi.

Pars Today -iň habaryna görä Bagaýi sözüniň dowamynda, taryhyň dowamynda bu oňat däp dürli halklaryň arasynda ýaýrady we häzirki wagtda köp ýurtlaryň umumy medeni mirasy hökmünde dostlugyň, parahatçylygyň we raýdaşlygyň nyşanydyr diýdi.

Ol bu sargydynda, Eýran Nowruzyň asylly adam we medeni habary sebäpli häzirki wagtda türkler, araplar, kürtler, buluçlar, türkmenler we özbekler ýaly köp millet we etnik topar tarapyndan bellenilýändigine buýsanýarys we gündogardan günbatar Aziýa we beýleki sebitlerde etnik toparlaryň we halklaryň arasynda adam, medeni we jemgyýetçilik gatnaşyklaryny pugtalandyrýar diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary şeýle-de BMG-nyň Baş sekretarynyň aýdyşy ýaly çaknaşyk, bölünişik we dawa-jenjellerden doly dünýämizde Nowruz gymmatly sowgatdyr. Nowruz nesilleriň we jemgyýetleriň arasynda hoşniýetli goňşuçylygy, barlyşygy we raýdaşlygy ösdürýär.