Aragçi: Eýran-Alžir gatnaşyklary berk we çuňňurdyr
(last modified Thu, 10 Apr 2025 11:09:32 GMT )
Apr 10, 2025 16:09 Asia/Ashgabat
  • Aragçi: Eýran-Alžir gatnaşyklary berk we çuňňurdyr

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Alžir Yslam dünýäsinde uly we täsirli ýurtdyr we Eýran bilen gatnaşyklary çuň, güýçli we köklidir diýdi.

“Pars Today” -iň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministri Seýid Abbas Aragçi Alžiriň Uly metjidine baryp görenden soň eden çykyşynda, Eýran Yslam Respublikasy bilen Alžiriň arasyndaky gatnaşyklaryň çuňňur, güýçli we köklidigini ýatlap, iki ýurduň Yslam dünýäsiniň, esasanam Palestina meselesiniň umumy we ylalaşykly pozisiýalary bar, Eýran bilen Alžir ýurtlarynyň arasynda taryhy gatnaşyklar ýola goýuldy we geljekde Hudaý islese iki hökümetiň arasynda möhüm we konstruktiw hyzmatdaşlyklar bolar diýdi.

Eýranyň diplomatik gullugynyň başlygy Alžiri Yslam dünýäsinde uly we täsirli ýurt hasaplap häzirki wagtda  Alžir, BMG Howpsuzlyk Geňeşine agza bolmak bilen möhüm ähmiýete eýe we bu halkara guramasynda musulmanlar we yslam ýurtlary üçin mynasyp wekil hökmünde tanalýar diýdi.

Şeýle hem Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Seýid Abbas Aragçi we Bahreýniň Daşary işler ministri Abdullatif bin Reşid Al-Zaýani telefon arkaly söhbetdeşlikde sebit we halkara özgerişler barada pikir alyşdylar.

Sebitdäki parahatçylygy we durnuklylygy berkitmek üçin sebit ýurtlarynyň arasynda dowam etdirilýän geňeşmeleriň möhümdigini bellän Aragçi, Eýran Yslam Respublikasynyň bu ugurda hyzmatdaşlyga taýýardygyny aýtdy.

Bu telefon gepleşiginde Bahreýniň Daşary işler ministri ýakynda Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti bilen Bahreýn korolynyň arasynda geçirilen telefon söhbetdeşligine hem ünsi çekdi we iki ýurduň arasynda özara gyzyklanma bildirýän meseleler boýunça geňeşmeleriň we özara gatnaşyklaryň dowam etjekdigine umyt bildirdi.