Aragçi, Angliýanyň Eýranyň baýlaşdyrmak baradaky pozisiýasyna jogap hökmünde: Bu tutum ýarag ýaýratmazlyk şertnamasynyň aç-açan bozulmagydyr
(last modified Wed, 28 May 2025 07:16:19 GMT )
May 28, 2025 12:16 Asia/Ashgabat
  • Aragçi, Angliýanyň Eýranyň baýlaşdyrmak baradaky pozisiýasyna jogap hökmünde: Bu tutum ýarag ýaýratmazlyk şertnamasynyň aç-açan bozulmagydyr

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri eger-de Angliýanyň pozisiýasy Eýranda baýlaşdyrylmagyň nola ýetirilmeli esasynda bolsa onda ýadro faýly barada pikir alyşmak üçin başga mesele galmaz diýdi.

Pars Today -iň habaryna görä, Seýid Abbas Aragçi geçen sişenbe güni agşam sosial ulgamda eger-de Eýranda Angliýanyň pozisiýasy "nol baýlaşdyrylmasa" bolsa, bu ýarag ýaýratmazlyk şertnamasynyň (NPT) we Bilelikdäki Hereketli Meýilnamanyň (BRJAM) galan agzalarynyň biri hökmünde Angliýanyň borçnamalarynyň aç-açan bozulmagydyr şeýle bolan ýagdaýynda ýadro faýlynda ara alyp maslahatlaşmak üçin başga mowzuk bolmaz diýdi.

Araqçi sözüniň dowamynda Eýran, Amerikanyň Birleşen Ştatlary dowam edýän gepleşiklere gatnaşmaklaryny islemeýändigini görkezýän mahaly Angliýa we ýadro şertnamasynyň galan Ýewropa agzalary bilen, köptaraplaýyn gatnaşyklaryny dowam etdirýär diýdi.