BMG: Ysraýyl Gazadaky ynsanperwer kömegine elýeterliligimiziň öňüni alýar
(last modified Fri, 30 May 2025 09:01:32 GMT )
May 30, 2025 14:01 Asia/Ashgabat
  • BMG: Ysraýyl Gazadaky ynsanperwer kömegine elýeterliligimiziň öňüni alýar

BMG-nyň Baş sekretarynyň metbugat sekretary sionist režimini Gazadaky ynsanperwer kömegine elýeterliligimize päsgel bermekde aýyplady.

Pars Today Mehr habar gullugynyň sözlerine salgylanyp, BMG-nyň Baş sekretarynyň metbugat sekretary Stefan Dujarrigiň ynsanperwerlik kömegini alyp barýan 600 ýük awtoulagynyň Karim Abu Salem geçelgesinde Gazanyň içine girmäge taýýardygyny, emma Ysraýyl soňky üç günüň dowamynda bu halkara guramanyň bu kömegi almak we paýlamak üçin oňa päsgel berýändigini aýtdy.

Şoňa görä-de Dujarrik žurnalistlere beren gürrüňlerinde bu ýükleri almak üçin bize Ysraýylyň rugsady gerek diýdi. Şeýle hem yzyna gaýdyp gelmekleri üçin olaryň tassyklamasy hem gerek, beýleki tarapdan, biziň ugrukdyran ýolumyzyň ýük daşamak we kärdeşlerimiziň howpsuzlygy üçin howpsuz däldigini kabul etmeli diýdi.

Ol sözüniň dowamynda, BMG soňky gezek Gazany üpjün edip bilende, iki tarap belli bir ugurda ylalaşdylar diýdi.

Dujarrik şeýle-de mesele howpyň dowam etmegidir we açyk aýtsak, olar bize ynsanperwer kömegini bermegi kynlaşdyrdy diýdi.