Guterreş: Gazanyň 70% -i mejbury boşadylmak buýrugy bilen ýüzbe ýüzdirler
BMG-nyň Baş sekretary "Gazanyň" 70% -iniň Sionist režiminiň mejbury ewakuasiýa buýrugy astyndadygyny ýa-da bu režimmiň harbylary tarapyndan bellenilen "gadagan sebitde" bolandygyny aýtdy.
Pars Today -iň habaryna görä, BMG-nyň Baş sekretary Antonio Guterreş X sosial ulgamda, men aladalanýaryn, sebäbi kömek bermek henizem bes edilýär we bu agyr netijelere getirýär. Raýatlar hemişe hormatlanmaly we goralmaly, ýaşamak üçin esasy zerurlyklar bolmaly diýip ýazdy.
Guterreş şeýle-de, Gazada saklanýan Ysraýyl tussaglarynyň derrew we şertsiz boşadylmalydygyny, ot açyşlygyň haýal etmän bes edilmelidigini aýtdy.
Bu habara görä, 2025-nji ýylyň 18-nji martynda Sionist režimiň Gazada täze agressiýasy başlanaly bäri sebitde 1,574 adam şehit boldy, 4115 adam ýaralandy.
Bu şehitleri goşmak bilen, 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda, Al-Aqsa tupany operasiýasy başlaly bäri Gazada şehit bolanlaryň sany 50 944-e ýetdi we ýaralananlaryň sany 116,156-a ýetdi.