Eýranyň Prezidentinden Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentine gutlag haty
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Azerbaýjan Respublikasynyň Milli gününi gutlaýan ýüzlenmesinde çarşenbe güni bu ýurduň prezidentine we abraýly halkyna şeýle diýdi: Eýran Yslam Respublikasy sebitde dowamly parahatçylygy we howpsuzlygy ýola goýmakda möhüm rol oýnap biljek ýurtlaryň territorial bitewiligini hormatlamak üçin aragatnaşyk ýollaryny açmaga ynanýar.
Masud Pezeşkian Azerbaýjan Respublikasynyň Milli güni bilen gutlaýan ýüzlenmesinde "iki dost we goňşy döwletiň arasyndaky umumy taryh we aýrylmaz gatnaşyklar gatnaşyklaryň ösmegi üçin gymmatly baýlyk berdi" -diýmek bilen, Eýran Yslam Respublikasy, umumy bähbitleriň çäginde gatnaşyklary strategiki hyzmatdaşlygyň derejesine çenli giňeltmegi ýüregine düwýär we bu ugurda transport, elektrik we gaz pudaklarynyň dürli pudaklarynda bilelikdäki taslamalaryň tamamlanmagyny çaltlaşdyrmagy, söwda biresalarynyň göwrümini ýokarlandyrmagy we adamlar bilen gatnaşyklary ýeňilleşdirmegi nygtaýar diýdi.