Gasemi:ýadro ylalaşygynda Eýranyň bähbitleriniň üpjün boljakdygy barada Ýewropa kepillik bermelidir
(last modified Mon, 21 May 2018 13:41:49 GMT )
May 21, 2018 18:41 Asia/Ashgabat
  • Gasemi:ýadro ylalaşygynda Eýranyň bähbitleriniň üpjün boljakdygy barada Ýewropa kepillik bermelidir

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram Gasemi Ýewropa ýurtlary galan az wagtyň içinde ýadro ylalaşygynda Eýranyň bähbitleriniň üpjün bolmagy barada gerek kepillikleri bermelidirler diýdi.

şu gün Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram Gasemi içeri we daşary habarçylaryň arasynda beren gürrüňlerinde Amerikanyň ýadro ylalaşygyndan çykmagyndan soňra Ýewropanyň kompaniýalarynyň Eýran bilen saklaýan hyzmatdaşlyklaryny togtatmak ähtimaly barada ara atylan soragyň jogabynda Amerikanyň ýadro ylalaşygyndan çykmagyndan soňra täze şertler döredi we başga taraplaryň ýadro ylalaşygyny goramak baradaky garaýyşlary esasynda bu mowzuklar hakynda gepleşikler dowam etdirilip durandyr diýip nygtady.

Bahram Gasemi şeýle-de Ýewropalylar söz bilen dälde eýsem amal ýüzünde ýadro ylalaşygy gorap saklamaga ykjamdyklaryny görkezmelidirler diýip sözüne goşdy.

Gasemi sözüniň ýene bir bölüminde Orsýetiň bütin daşary ýurt güýçleriň Siriýadan çykmaklaryny isländigine yşarat edip hiç bir ýurt Eýrany Siriýadan çykmaga mejbur edip bilmez diýdi.

Eýran Yslam Respublikasy garaşsyz ýurtdyr we Siriýanyň kanuny döwletiniň islegi esasynda bu ýurtda terrorizme garşy göreşe goldaw berýändir diýip Gasemi sözüne goşdy.

Gasemi şeýle-de Siriýa döwletiniň isleýän mahalyna çenli Eýran goldawlaryny dowam etdirjekdir diýip sözüne goşdy.