Şamhani:Eýranyň Palestinany goldamagy ynanç we dini borç esasyndadyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i3058-Şamhani_eýranyň_palestinany_goldamagy_ynanç_we_dini_borç_esasyndadyr
Eýranyň milli howpsyzlyk boýunça ýokary geňeşiniň sekretary Eýran Yslam Respublikasynyň Palestina berýän goldawlaryna yşarat edip Eýranyň Palestinany goldamagy usul,ynanç we dini borç esasyndadyr diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jun 02, 2018 12:13 Asia/Ashgabat
  • Şamhani:Eýranyň Palestinany goldamagy ynanç we dini borç esasyndadyr

Eýranyň milli howpsyzlyk boýunça ýokary geňeşiniň sekretary Eýran Yslam Respublikasynyň Palestina berýän goldawlaryna yşarat edip Eýranyň Palestinany goldamagy usul,ynanç we dini borç esasyndadyr diýdi.

Eýranyň milli howpsyzlyk boýunça ýokary geňeşiniň sekretary Ali Şamhani Şarg gazeti bilen geçiren söhbetdeşliginde Eýran Palestina milletine garşy zorlukly hereketleriň öňüne geçmek ugurda musulman ýurtlar bilen köp gepleşikleri geçirendir we media serişdeleriň hemde halkara guramalaryň kömegi bilen Palestina milletine garşy zulumlaryň we jenaýatlaryň bir bölegini dünýäde neşir edip başarandyr diýip nygtady.

Ali Şamhani Amerikanyň ilçihanasynyň nädogry hereketi yslam dünýäsiniň hemde Palestinaly toparlaryň birleşiginiň pugtalanmagyna sebäp bolandyr diýip beýan etdi.

Sionist režimi Eýranyň äşgär duşmanydyr we Eýran milletine garşy köp jenaýatlara baş goşandyr diýip sözüne goşdy.