Nowbaht: bütindünýä kudus güni Eýran milletiniň yslam ymmaty bilen birleşýän günidir
(last modified Thu, 07 Jun 2018 14:34:54 GMT )
Jun 07, 2018 19:34 Asia/Ashgabat
  • Nowbaht: bütindünýä kudus güni Eýran milletiniň yslam ymmaty bilen birleşýän günidir

Eýran döwletiniň metbugat wekili bütindünýä kudus güni Eýran milletiniň içerki jebisliginiň hakyky jilwesidir we Eýran milletiniň yslam ymmaty bilen birleşýän günidir diýip nygtady.

Muhammet bager Nowbaht bütindünýä kudus güni yslam ymmatynyň birleşiginiň äşgär görnüşidir we her ýylda basybalyjy sionist režimiň garşysynda görkezilmelidir diýip beýan etdi.

Eýran döwletiniň metbugat wekili Muhammet bager Nowbaht soňky wagtlarda Palestinanyň basylyp alynan ülkelerinde  ýüze çykan wakalara şol sanda Amerikanyň telawiwdaky ilçihanasynyň Kudusa geçirilmegine yşarat edip Amerikanyň bu öjükdiriji hereketi Palestinalylaryň, yslam ymmatynyň we eýran yslam respublikasynyň gaýtawulyna gabat gelendir  diýmek bilen bütindünýä kudus güni Palestina milletiniň çydamlylygynyň somwoly adynda uly tutulmalydyr diýip nygtap geçdi.