Ruhani: Tehran Duhanyň ýanynda boljakdyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i3252-ruhani_tehran_duhanyň_ýanynda_boljakdyr
Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani kataryň emiri Şyh tamim bin hamad al-sani bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegini garşylamak bilen bir wagtda katar bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegi ugurda hiç hili böwet ýokdyr we Tehran Duhanyň ýanynda durjakdyr diýip yglan etdi.
(last modified 2021-12-27T10:31:41+00:00 )
Jun 18, 2018 21:40 Asia/Ashgabat
  • Ruhani: Tehran Duhanyň ýanynda boljakdyr

Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani kataryň emiri Şyh tamim bin hamad al-sani bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegini garşylamak bilen bir wagtda katar bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegi ugurda hiç hili böwet ýokdyr we Tehran Duhanyň ýanynda durjakdyr diýip yglan etdi.

şu gün prezident Hasan Ruhani kataryň emiri Şyh tamim bin hamad al-sani bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde şeýle-de adalatdan daş bolan basyşlaryň, haýbat atmalaryň we gurşawyň garşysyndaky kataryň döwletidir milletiniň çydamlylygyny öwgä laýyk hasaplap Eýran yslam respublikasy kataryň gurşalmagyny adalatsyzlyk we sebit ýurtlarynyň agzalallyklaryna sebäpkär bilýändir diýip nygtady.

kataryň emiri Şyh tamim bin hamad al-sani hem preizident Ruhani bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde Duha barada Tehraniň ileri sürýäb pozisiýasyna minnetdarlygyny bildirmek bilen bir wagtda hiç bir ýurt öz garaýşyny başgalara töňkäp başarmaz diýip yglan etdi.