terrorçy munapyklar toparjygynyň Fransiýada işlemegine Eýran nägilelik bildirdi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i3270-terrorçy_munapyklar_toparjygynyň_fransiýada_işlemegine_eýran_nägilelik_bildirdi
Eýranyň daşary işler ministrniň syýasy işler boýunça orunbasary Seýed Abbas Aragçi terrorçy munapyklar toparjygynyň Fransiýada işlemegine nägilelik bildirdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jun 20, 2018 16:49 Asia/Ashgabat
  • terrorçy munapyklar toparjygynyň Fransiýada işlemegine Eýran nägilelik bildirdi

Eýranyň daşary işler ministrniň syýasy işler boýunça orunbasary Seýed Abbas Aragçi terrorçy munapyklar toparjygynyň Fransiýada işlemegine nägilelik bildirdi.

şu gün Eýranyň daşary işler ministrniň syýasy işler boýunça orunbasary Seýed Abbas Aragçi Eýran bilen Fransiýanyň syýasy gepleşikleriniň 5-nji döwürniň gidişinde Fransiýanyň Ýewropa ministrliginiň başsekretary we daşary işler ministri Gordo Muntaýn bilen geçiren duşuşygynda bu ýurtda terrorçy munapyklar toparjygynyň işlemeginiň öňüne geçilmegini isledi.

Gordo Muntaýn hem bu duşuşykda Fransiýa döwleti terrorçylykly hereketlere baş goşan toparlaryň işlerine kämil gözegçilik edýändir diýip yglan etdi.

Eýran bilen Fransiýanyň syýasy gepleşikleriniň 5-nji döwürniň gidişinde ýadro ylalaşygyň goralmagy hemde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyklaryň ösdürilmegi barada gürrüň etdiler.