Aýatolla kermani:Amerikanyň Eýrana garşy gadaganlyklary Trampyň ryswa bolmagyna sebäp boljakdyr
Tehraniň wagtlaýyn juma ymamy Amerikanyň Eýrana garşy amala aşyrjak ähtimallaýyn gadaganlyklaryna yşarat edip bu gadaganlyklaryň Amerika we Donald Tramp üçin ryswalykdan başga netijesi bolmaz diýip nygtady.
Aýatolla Muhammet Ali Kermani şu gün Tehraniň juma namazynyň hutbalarynda beren gürrüňlerinde Amerikanyň bolbaşýylygyndaky ezijiler Eýranyň yslam ynkylabyna urgy urmak ugurda bütin mümkinçiliklerinden haýyrlanýandyrlar diýmek bilen duşmanlar Ýemende Palestinada we sebitiň birnäçe zulum astyndaky milletlerine garşy jenaýatlaryna baş goşýan abzallary ýaly abzallar bilen ýogaljakdyrlar diýip sözüne goşdy.
Tehraniň wagtlaýyn juma ymamy Aýatolla Muhammet Ali Mowahhedi Kermani bütindünýä imperializmiň amala aşyrýan pitnelerine hüşgär bolunmagy nygtamak bilen bir wagtda Amerika diňe öz bähbitleriniň yzyndadyr we hiç haçan ygrarynda durýan däldir diiýp beýan etdi.