Larijani Feýsal Megdad bilen duşuşdy
Jun 26, 2018 17:33 Asia/Ashgabat
Eýranyň mejlis başlygy Ali larijani Siriýa milletiniň terrorçylaryň garşysyndaky çydamlylygyny netijeli hasaplap Siriýanyň ýagdaýy günbe-günden gowylaşyp barýandyr diýdi.
şu gün Ali larijani Tehranda Siriýanyň daşary işler ministrniň oruntutary Feýsal Megdad bilen geçiren duşuşygynda Siriýa milletiniň çydamlylygy netije berendir we gün geçdigiçe bu ýurduň ýagdaýy gowylaşýandyr diýip nygtady.
Feýsal megdad hem bu duşuşykda egerde Eýran yslam respublikasynyň kömekleri bolman bolsady Siriýanyň döwletidir milleti hiç haçan terrorçylary ýeňip başarmazdy diýmek bilen terrorçylaryň garşysyndaky Eýran yslam respublikasynyň ileri süren berk pozisiýasyndan gadyrdanlyk etdi.
Tags