Serleşger Soleýmaniň mertebesi belent ýolbaşça beren sargydy: DAEŞ ýogaldy
-
Serleşger Soleýmaniň mertebesi belent ýolbaşça beren sargydy: DAEŞ ýogaldy
Eýranyň Sepah Pasdaranynyň Kudus güýjiniň serkerdesi yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysyna hat ýazyp betniýetli DAEŞ toparynyň kämil ýogalanlygyny yglan etdi.
Serdar Serleşger Gasem Soleýmani şu gün ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla Hameneýi Hezretlerine hat ýazyp men siz aly hezretleri tarapyndan wezipä bellenen bir kiçi esger adyndan DAEŞ toparynyň soňky galasy bolan Al-Bukamal şäherindäki operasiýalaryň tamam bolanygyny we bu Amerikan we Sionist toparyň baýdagyny aşak gaçyryp Siriýanyň baýdagyny dikeltmek bilen bu betniýetli toparyň kämil ýogalanlygyny yglan edýärin diýip nygtady.
Eýranyň Sepah Pasdaranynyň Kudus güýjiniň serkerdesi Serdar Serleşger Gasem Soleýmani DAEŞ toparyna garşy göreş meýdanyndaky bütin serkerdeleriň we söweşijileriň hemde haram goraýjy müňlerçe şehidiň we janaýamazyň şol sanda Eýran, Yrak, Siriýa,Liwan, Owganystan we Pakistanly şehitleriň we janaýamazlaryň tarapyndan bu uly we aýgytly ýeňişi yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysyna şeýle-de Eýran milletine we Yrak bilen Siriýanyň zulum astyndaky we dünýäniň zulum astyndaky başga milletlerine gutlady.
Eýranyň mertebesi belent ýolbaşçysynyň hemde Aýatolla Sistaniň ýol görkezmeleri bu uly tupana garşy göreşmek ugurda bütin mümkinçilikleriň taýyn bolmagyna şert dňretdi diýip Eýranyň Sepah Pasdaranynyň Kudus güýjiniň serkerdesi Serdar Serleşger Gasem Soleýmani nygtap geçdi.
Eýranyň Sepah Pasdaranynyň Kudus güýjiniň serkerdesi Serdar Serleşger Gasem Soleýmani şeýle-de Yrak we Siriýanyň döwletleriniň çydamlylygy we bu iki ýurduň goşun güýçleriniň , ýaşlarynyň ylaýtada Haşdoşşabiniň hemde Seýe Hasan Nasrollanyň ýolbaşçylygyndaky Hezbolla güýçleriniň gaýdusyzlyklary DAEŞ toparynyň ýogalmagynda gaty täsirli bolandyr diýip sözüne goşdy.