Zarif bilen Lawrow Siriýa barada pikir alyşdylar
Eýran bilen Orsýetiň daşary işler ministrleri telefon arkaly geçiren söhbetdeşliginde ikitaraplaýyn hemde Siriýa meseleleri barada gürrüň etdiler.
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet jawad Zarif bilen onuň rus kärdeşi şeýle-de Hazar ýakasynda ýerleşen ýurtlaryň başlyklarynyň 5-nji maslahaty barada hem pikir alyşdylar.
Siriýa bilen basybalynan ülkeleriň hemde Iordaniýanyň serhetlerine ýakyn sebitlede Siriýanyň goşun güýçleri bilen Damask döwletine garşy ýaragly toparlaryň arasynda ýüze çykan çaknyşyklardan soňra Eýranyň daşary işler ministri Muhammet jawad Zarif bilen onuň rus kärdeşi Sergeý Lawrow telefon arkaly söhbetdeş bolup bu meseläni ara alyp maslahatlaşdylar.
ýeri gelende aýtsak Siriýadaky Eýran,Orsýet we Türkiýäniň sazlaşyk merkezi Aleppo we lazegiýe welaýatlarynda Damaska garşy ýaragly toparlaryň atyşygy bes ediş karary bozanlygyny yglan etdi.