Ruhani: Siriýadaky Eýranyň asly maksady DAEŞ-e esasy urgyny urmakdy
Eýranyň prezidenti Hasan Ruhani Siriýada Eýranyň asly maksady DAEŞ toparyna esasy urgyny urmakdy diýmek bilen terrorçylar kämil ýogalýança we terrorçylaryň hemaýatçylary şol sanda sionist režimi tamasyny üzýänçä Eýran Siriýada galjakdyr diýip yglan etdi.
şu gün prezident hasan Ruhani Wenada Awsteriýanyň kansleri Sebastiýan Kurtz bilen geçiren habar konferensiýasynda sionistleri basybalyjy topar hasaplap sionistler gazanyň ýaşaýjylaryny bombalaýarlar we Siriýanyň içeri işlerine gatyşýarlar we terrorçy DAEŞ toparyny goldap sebitde ýaramaz roly ýerine ýetirip durandyrlar diýip nygtady.
Ruhani şeýle-de Eýran bilen Awsteriýanyň sebitdäki soňky maksady Ortagündogarda parahatçylygy berkar etmekdir diýip sözüne goşdy.
Awsteriýanyň kansleri Sebastiýan Kurtz bu habar konferensiýada eden çykyşynda Siriýanyň ilatynyň ýowuz ýagdaýna yşarat edip bütin ýurtlardan Siriýa milletiniň dertlerini kemeltmek ugurda öz elinden gelen işi etmeklerini isledi.