Jaberi Ansari; Eýranyň harby maslahatçylarynyň Siriýada saklanmagy Tehran-damask-iň ylalaşygyna baglydyr
Eýranyň daşary işler ministrniň syýasy işler boýunça ýokary derejeli kömekçisi Huseýin Jaberi Ansari öten agşam beýrutda Liwanyň daşary işler ministri Jobran Bsil bilen geçiren duşuşygyndan soňra habarçylaryň arasynda beren gürrüňlerinde Eýranyň harby maslahatçylarynyň Siriýada saklanmagy we onuň hiliTehran-damask-iň ylalaşygyna baglydyr diýip yglan etdi.
Eýranyň daşary işler ministrniň syýasy işler boýunça ýokary derejeli kömekçisi Huseýin Jaberi Ansari sözüniň dowamynda Eýranyň harby maslahatçylary Siriýa döwletiniň islegi esasynda terrorizme garşy göreşmek üçin bu ýurdyň her bir künjeginde şol sanda demirgazygynda, günortasynda, gündogarynda ýada günbatarynda huzurly boljakdyrlar diýip nygtady.
Siriýa iki hilde terrorizme gabat gelýär, birisi guramalaşdyrlan terrorizm we ol birisi hem ekstremizm terrorizmidir. şeýle halda Eýran terrorizmiň iki hiline garşy göreşmekde hem Siriýa kömek etjekdir diýip Eýranyň daşary işler ministrniň syýasy işler boýunça ýokary derejeli kömekçisi Huseýin Jaberi Ansari sözüne goşdy.