Welaýati:Orta Gündogarda Eýranyň strategik syýasaty üýtgemez
(last modified Wed, 18 Jul 2018 11:16:45 GMT )
Jul 18, 2018 16:16 Asia/Ashgabat
  • Welaýati:Orta Gündogarda Eýranyň strategik syýasaty üýtgemez

Eýranyň mertebesi belent ýolbaşçysynyň halkara işler boýunça maslahatçysy sebitde Eýranyň strategik syýasatynyň üýtgemändigine yşarat edip Eýran Siriýa we Yrak döwletleriniň islegleri esasynda bu ýurtlarda bolşy ýaly Ýemene hem kömek edip başar diýdi.

Fars habarlar gullugynyň beren habaryna görä,geçen hepde rus resmileri bilen duşuşyp gepleşik geçirmek niýeti bilen Moskwa sapar eden Eýranyň mertebesi belent ýolbaşçysynyň halkara işler boýunça maslahatçysy Aliakbar Welaýati Orsýetiň RT tele kanaly bilen geçiren söhbetdeşliginde onuň Moskwa gurnan saparynyň Sionist režiminiň premýer-ministri Netaniýahoyň Moskwa sapary bilen ilteşikli ýeri ýokdyr diýmek bilen eger Eýran we Orsýet Siriýadan çyksalar Amerika bilen Sionist režimi Siriýadaky terrorçylara berýän goldawlaryny dowam etjekdirler diýdi.

Welaýati şeýle-de Eýranyň dige Damask döwletiniň islegi boýunça Siriýadan çykjakdygyny aýdyp Eýranyň Siriýada bolmagy Amerika,Günbatar döwletlerine we sebitiň käbir ýurtlaryna degişli ýeri ýokdyr we Eýran Siriýanyň toprak bitewiligini,döwletini we milletini goldaýandyr diýip sözüne goşdy.