Seddigi: Eýran Amerikanyň durmuşky döwleti we prezidenti bilen gepleşige girişmez
Tehraniň juma namazynyň hatyby Amerikalylar gepleşigiň adamy däldirler we eger-de bir zaman gepleşik geçirilmeli bolsa Amerikanyň durmuşky döwleti we prezidenti bilen gepleşik geçirmek mümkindäldir diýdi.
Hojjatol yslam Kazem Seddigi şu gün Tehraniň juma namazynyň hutbalarynda beren gürrüňlerinde şertsiz Eýran bilen gepleşige girişmek baradaky Amerikanyň prezidenti Donald Trampyň teklibine yşarat edip Amerikanyň ýadro ylalaşygyndan çykmagy ýaňadan Waşington bilen gepleşik geçirmek ýolyny baglandyr diýip nygtady.
Donald Tramp 30-njy iýulda eden çykyşynda Eýran bilen şertsiz gepleşiklere girişmäge taýýarlygyny yglan etdi.
Tehraniň wagtlaýyn juma ymamy 5-nji awgusta barabar gelýän boýunça adam hukuk gününe yşarat edip günbataryň häkimleri adam hukukyň hemaýatçysydäldirler diýmek bilen hudaý tagalanyň hak diýen zady adam hukukydyr we hemme ynsanlar deň hükükden paýlydyrlar diýip beýan etdi.
Tehraniň juma namazynyň hatyby Hojjatol yslam Kazem Seddigi sözüni ýene bir bölüminde terrorçylaryň garşysynda Siriýanyň we ýemeniň goşun we halk güýçleriniň gazanan üstünliklerini erkinligiň ýeňişi we Amerikadyr Ysraýyl režiminiň şowsuzlygy hasaplady.
Tehraniň wagtlaýyn juma ymamy şeýle-de golaý geljekde Arabystanyň hemaýaty astyndaky terrorçylara soňky urgy uruljakdyr diýip sözüne goşdy.