Abutorabi fard: duşmanyň ykdysady pitnelerine garşy göreşmäge Eýranyň gurby çatýandyr
Tehraniň wagtlaýyn juma ymamy Eýranyň ykdysadyýetine urgy urmak ugurdaky duşmanyň tagallasyna yşarat edip Eýran Yslam respublikasy duşmanyň ykdysady pitnelerine garşy göreşmäge ýokary başarnyga eýedir diýdi.
şu gün Hojjatol yslam welmoslemin Abutorabi fard Tehraniň juma namazynyň hutbalarynda beren gürrüňlerinde Amerikanyň Eýrana garşy gadaganlyklaryna yşarat edip Amerikanyň gadaganlyklary Eýranyň ykdysadyýetiniň gülläp ösmegine mümkinçilik döredendir diýip nygtady.
Tehraniň wagtlaýyn juma ymamy Hojjatol yslam welmoslemin Abutorabi fard sözüniň ýene bir bölüminde azadalaryň Eýrana öwürlip gelen gününiň ýyllygyna yşarat edip Yragyň bas režiminiň türmelerinde agyr günleri başdan geçiren azadalar şehitleriň ýolyny wagyz edýändirler diýip nygtady.
Tehraniň wagtlaýyn juma ymamy Hojjatol yslam welmoslemin Abutorabi fard sözüniň dowamynda Yragyň Bas režiminiň hüjümleriniň garşysynda Eýranda amala aşyrlan 8 ýyl mukaddes gorag döwüri Eýranyň syýasy, ylmy, ykdysady we harby taýdan ýokary derejede durmaga sebäp bolandyr diýmek bilen Liwan, Siriýa, Yrak, Ýemen we Palestina ýurtlary Eýranyň mukaddes gorag döwrüni nusga tutunyp eziji režimlere garşy söweşlerini dowam etdiripdurandyrlar diýip nygtap geçdi.