Gasemi: Amerikanyň Eýrana garşy duşmançylykly hereketleri halkara kanunlaryna garşydyr
Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram Gasemi Amerikanyň daşary işler ministrliginde Eýran barada iş toparyň döredilmegini bu ýurdyň Eýrana garşy duşmançylyklarynyň çarçuwasynda we halkara kanunlaryna garşy hasaplady.
şu gün Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram Gasemi içeri we daşary hbarçylaryň arasynda eden çykyşynda merikanyň daşary işler ministrliginde Eýran barada iş toparyň döredilenligine yşarat edip Amerikanyň bu hili hereketleri halkara kanunlaryna garşydyr we bu hereketler ýol almaz diýip nygtady.
Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram Gasemi ýadro ylalaşygyny goramak barada Ýewropalylaryň teklip eden ykdysady bukjasyna we Ýewroparynyň kompaniýalarynyň Eýranda işlemlerine mümkinçilik döredilmegine yşarat edip Ýewropa bileleşigini bu mesele baradaky syýasy pozisiýay äşgärdir we hatda ýadro ylalaşygyň başga taraplary bolan Orsýet we hytaý döwletleri hem ýadro ylalaşygyň goralmagyny goldaýandyrlar diýip beýan etdi.
Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram Gasemi şeýle-de ykdysady hyzmatdaşlyklary amala aşyrmak ugurda ýadro ylalaşygyň taraplary bilen gowy hereketler amala aşyrlandyr diýip sözüne goşdy.