Aug 31, 2018 21:27 Asia/Ashgabat
  • Aýatolla Hatami: Eýran raketa kuwwatlylygyndan yza çekilmez

Tehraniň wagtlaýyn juma ymamy Eýranyň raketa kuwwatlylygynyň dowam etdirilmegini nygtamak bilen Eýranyň özüniň gyzy çyzgysy bolan raketa kuwwatlylygyndan yza çekilmejekdigini bütindünýä ähli bilip goýsyn diýdi.

şu gün Aýatolla Ahmad hatami Tehraniň juma namazynyň hutbalarynda beren gürrüňlerinde Amerikalylar ygrarsyzdyrlar we olara ynam edip bolýandäldir diýmek bilen Eýran Yslam respublikasy hergiz Amerika döwleti bilen gepleşmez diýip yglan etdi.

Aýatolla hatami sözüniň dowamynda Eýran öz goňşylary bilen doganlarça gatnaşyklaryny saklaýandyr we goňşy ýurtlaryň bu doganlyjkly gatnaşyklary saklaýan mahalyna çenli Eýran hem şu bolyşy dowam etdirjekdir diýip yglan etdi.

Tehraniň wagtlaýyn juma ymamy Aýatolla Ahmad hatami sözüniň dowamynda yslam şura mejlisinde Eýranyň prezidentinden sorag etmek barada geçirlen maslahata yşarat edip bu maslahat gözel dini demokratiýany tomaşa goýandyr we Eýran yslam respublikasyna urgy urmak baradaky duşmanlaryň pitneleri bu maslahatda güýçden düşürlendir diýip nygtady.

Tags