Gasemi:Ýewropalylar amaly teklipleri ileri sürsinler
Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram Gasemi ýadro ylalaşygyň Ýewropaly taraplary ýerine ýetirijilik kepillikleri bolan amaly teklipleri ileri sürsinler diýdi.
şu gün Bahram Gasemi ýadro ylalaşygy barada Ýewropa Bileleşiginiň arasynda geçirilýän gepleşiklere yşarat edip Tehran döwleti günbatar döwletleriň ýerine ýetirip boljak amaly tekliplerine garaşyp durandyr diýip nygtady.
Gasemi sözüniň dowamynda Eýran bilen Ýewropanyň gepleşikleri dowam edip durandyr diýmek bilen şu wagta çenli Ýewropalylaryň teklipleri kanagatlandyryjy bolan däldir diýip beýan etdi.
Gasemi sözüniň ýene bir bölüminde Aziýanyň günorta gündogar sebiti terrorçy toparlaryň agza alýan sebitidir diýmek bilen pars aýlagyň ýakasynda ýerleşen ýurtlar şol sanda Saud Arabystany Aziýanyň günorta gündogar sebitinden terrorçy almak ugurda köp çykdaýjy edýändirler diýip nygtap geçdi.