Zarif:Ýewropanyň mekanizmi netijesiz bolsa Eýran ýadro ylalaşykdan çykjakdyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i3868-zarif_Ýewropanyň_mekanizmi_netijesiz_bolsa_eýran_ýadro_ylalaşykdan_çykjakdyr
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif ýadro ylalaşygyny goramak ugurdaky Ýewropanyň ileri sürýän ýörite mekaniziminiň netijesi bolmasa Eýran ýadro ylalaşykdan çykjakdyr diýip yglan etdi.
(last modified 2021-12-27T10:31:41+00:00 )
Sep 30, 2018 22:28 Asia/Ashgabat
  • Zarif:Ýewropanyň mekanizmi netijesiz bolsa Eýran ýadro ylalaşykdan çykjakdyr

Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif ýadro ylalaşygyny goramak ugurdaky Ýewropanyň ileri sürýän ýörite mekaniziminiň netijesi bolmasa Eýran ýadro ylalaşykdan çykjakdyr diýip yglan etdi.

öten agşam Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif Birleşen Milletler Guramasyndaky wekiliýetinde habarçylaryň arasynda eden çykyşynda ýadro ylalaşygyna Eýranyň ygrarlylygy barada agzap ýadro ylalaşygyny goramak ugurda Ýewropanyň döreden ýörite mekanizmi netije bermese Eýranyň bu ylalaşykdan çykmagy ahmaldyr diýip nygtady.

Ýewropa Bileleşigi ykdysady işjeňleri Eýran bilen hyzmatdaşlyk etmäge şowuklandyrmak maksady bilen Eýranyň eksportnyň we importynyň töleg işlerini ýeňilleşdirmek ugurda ýörite mekanizmi döretjekdigini yglan etdi.

Zarif sözüniň dowamynda Eýran Yslam Respublikasy nebit satmak we dollaryň ýerine başga walýutalardan peýdalanmak bilen halkara söwdalaşyklaryny amala aşyrmak bilen Eýranyň nebitine garşy Amerikanyň ýola beren gadaganlyklaryna garşy göreşjekdir diýip nygtap geçdi.