Eýran bilen Hytaý näçe taraplaýyn hyzmatdaşlyklaryň ösdürilmegini nygtadylar
Yslam Ynkylabynyň mertebesi ýolbaşçysynyň halkara işler boýunça maslahatçysy Eýran bilen Hytaýyň köp ugurly hyzmatdaşlyklarynyň aýratynda strategik barlaglar ugurdaky hyzmatdaşlyklarynyň ösdürilmegini isledi.
Yslam Ynkylabynyň mertebesi ýolbaşçysynyň halkara işler boýunça maslahatçysy Ali Akbar Welaýati Tehranda Pekiniň strategik we halkara barlaglar institutynyň başlygy Wang Ji si bilen geçiren duşuşygynda Eýran bilen Hytaýyň köp ugurly gatnaşyklarynyň ösdürilmegi zerurdir diýip nygtady.
Ali Akbar Welaýati sözüniň dowamynda halkara özgerişlerine we Amerikanyň prezidenti Trampyň boluşyna yşarat edip Donald Tramp Amerikanyň basyrgysyz keşbidir we bütin düýä uruşyndan soňra Amerikalylar gudratlarynyň synyp barýanlygyny duýandyrlar diýip beýan etdi.
Welaýati şeýle-de Orsýet,Hytaý we Eýran ýurtlarynyň el-gerýän ösüşleri duşmanlaryň gözlerine ok bolup çümýändir diýip sözüne goşdy.
Wang ji si hem bu duşuşykda Eýranyň gündogara ýüzlenmesi bu ýurdyň sebit meselelerine ýetikdigini belli edýändir Eýran bilen Hytaý hyzmatdaşlyk etmäge köp mümkinçiliklerden paýlydyrlar diýip nygtady.