Ali Asgari ABU-nyň 55-nji mejlisine gatnaşdy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i3907-ali_asgari_abu_nyň_55_nji_mejlisine_gatnaşdy
Eýranyň teleradio guramasynyň başlygy Abdulali Ali Asgari Şu gün Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU) Baş Assambleýasynyň 55-nji mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň paýtagty Aşgabada sapar etdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Oct 04, 2018 18:11 Asia/Ashgabat
  • Ali Asgari ABU-nyň 55-nji mejlisine gatnaşdy

Eýranyň teleradio guramasynyň başlygy Abdulali Ali Asgari Şu gün Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU) Baş Assambleýasynyň 55-nji mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň paýtagty Aşgabada sapar etdi.

Eýranyň teleradio guramasynyň başlygy Abdulali Ali Asgari bu maslahatda çykyö etmekden aýry oňa gatnaşyjy ýurtlaryň teleradio guramalarynyň ýokary derejeli resmileri bilen hem duşuşyp media hyzmatdaşlyklary barada gürrüň etdi.

dünýäniň 64 ýurdyndan 270 medianyň 700-den gowrak jogapkäri Aşgabatda geçirilýän bu mejlise gatnaşýandyrlar.

30-njy sentýabrda aşgabatda başlanan bu mejlis erti juma güniň işini tamamlaýar.

Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň ýyllyk mejlisleri filmleri çalyşmakdan aýry habarlar ugurdaky hyzmatdaşlyklara hem gowy mümkinçilik döredýändir. onuň merkezi malaýziýanyň paýtagty Kualalampurdadyr.