Ali Larijani Türkiýe saparyny tamamlap Eýrana gaýdyp geldi
Eýran Yslam Respublikasynyň mejlis başlygy Ali Larijani Türkiýä gurnan iki günlük saparyny tamamlap şu gün Tehrana gaýdyp geldi.
Eýranyň parlament başlygy Ali Larijani tele radio habarlar gullugy bilen geçiren söhbetdeşliginde Ýewraziýanyň ykdysady bileleşigine agza ýurtlaryň mejlisler-ara 3-nji maslahatynda Amerikanyň bir taraplaýyn syýasatlary tankyt edildi we dünýäniň howpsyzlygyna garşy Waşingtonyň amala aşyrýan hereketlerine nägilelik bildirildi diýip nygtady.
bu maslahatda şeýle-de daşky gurşawy goramak ugurda täze kanunlary tassyklamak barada hem pikir alyşyldy diýip Larijani sözüne goşdy.
Eýranyň mejlis başlygy Türkiýäniň Antaliýa şäherinde geçirilen maslahatyň ýanynda 10 ýurdyň mejlis başlyklary bilen hem geçiren duşuşyklaryna hem yşarat edip bu duşuşyklarda sebitleýin meselelerden aýry iki taraplaýyn söwda hyzmatdaşlyklaryň ösdürilmegi barada hem gürrüň edilenligini aýtdy.
Ýewraziýa bileleşigine agza ýurtlarynyň mejlisler-ara 4-nji maslahaty Gazagystanyň paýtagty Astanada geçirilmeli bolandyr.