Aýatolla Emami Kaşani: Eýran milleti bütin gadaganlyklara we pitnelere üstem çykjakdyr
(last modified Fri, 12 Oct 2018 15:14:49 GMT )
Oct 12, 2018 20:14 Asia/Ashgabat
  • Aýatolla Emami Kaşani: Eýran milleti bütin gadaganlyklara we pitnelere üstem çykjakdyr

Tehraniň wagtlaýyn juma ymamy Eýran milleti bütin gadaganlyklara we ezijileriň we yslam duşmanlarynyň bütin pitnelerine üstem çykjakdyr diýdi.

şu gün Tehraniň wagtlaýyn juma ymamy Aýatolla Mohammad Emami kaşani Tehraniň juma namazynyň hutbalarynda beren gürrüňlerinde kynçylyklary çözmäge Eýran yslam respublikasynyň ýokary mümkinçilige eýedigini aýdyp Eýran milleti ýeňiş gazanjakdyr we duşmanlaryň Eýran milletine garşy mekirli hileleriniň hiç birisi başa barmaz we Eýrana musallat bolmak baradaky arzuwlaryny özleri bilen göre akitjekdirler diýip nygtady.

Tehraniň wagtlaýyn juma ymamy sözüniň dowamynda Eýranda ykdysady kynçylyklary we ilat arasynda närazylyk döretmek ugurdaky Amerikaniň amala aşyrýan pitnelerine yşarat edip Amerikanyň maksady Eýranyň milletiniň we häkimiýetioniň arasyny daşlaşdyrmakdyr emma Eýran milleti hüşgärlik bilen duşmanlaryň mekirli hilelerini şowsuzlyga uçratýandyr diýip beýan etdi.

Tehraniň wagtlaýyn juma ymamy Aýatolla Mohammad Emami kaşani  Amerika hiç haçan şu wagtky ýaly ýeke galandäldir diýmek bilen imperialist dünýäsi şol sanda Amerika we halkara sionizm hemde sebitiň käbir garaşly arap döwletleri bilip goýsynlar hak üstem çykjakdyr we golab geljekde olar suda çeklip ruswa boljakdyrlar diiýp nygtap geçdi.