Amir Abdollahiýan:Arabystan Birleşen Milletler Guramanyň howpsyzlyk geňeşinden çykarylmalydyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i3991-amir_abdollahiýan_arabystan_birleşen_milletler_guramanyň_howpsyzlyk_geňeşinden_çykarylmalydyr
Eýranyň parlament başlygynyň halkara işler boýunça ýörite kömekçisi Arabystanyň baş goşýan jenaýatlaryna yşarat edip bu ýurdyň Birleşen Milletler Guramanyň howpsyzlyk geňeşinden çykarylmagynyň zerurlygyny nygtady.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Oct 22, 2018 14:33 Asia/Ashgabat
  • Amir Abdollahiýan:Arabystan Birleşen Milletler Guramanyň howpsyzlyk geňeşinden çykarylmalydyr

Eýranyň parlament başlygynyň halkara işler boýunça ýörite kömekçisi Arabystanyň baş goşýan jenaýatlaryna yşarat edip bu ýurdyň Birleşen Milletler Guramanyň howpsyzlyk geňeşinden çykarylmagynyň zerurlygyny nygtady.

Isna habarlar gullugynyň beren habaryna görä.Arabystan Ýemen ilatyny gyrana berip  düýp gurluşyklaryny weýran etmek we Bahreýniň içeri işlerine goşulmak bilen adam hukukyny bozýandyr we Arabystanly tankytçy žurnalist Jamal Haşokçini hem öldürendir şoňa görä bu ýurt Birleşen Milletler Guramanyň howpsyzlyk geňeşinden çykarylmalydyr diýip Amir Abdollahiýan sözüne goşdy.

Eýranyň parlament başlygynyň halkara işler boýunça ýörite kömekçisi şeýle-de Amerikanyň prezidenti Donald Tramp Jamal Haşokçiniň meselesi barada hemde Arabystanyň terrorçylykly syýasatlaryny goldamagy babatly dünýä jogap bermelidir diýdi.

Arabystanly žurnalist Jamal Haşokçi 2-nji Oktýabrda Arabystanyň Stambul şäherindäki konsullygyna barany soňra ýitrim boldy.

ýene bir habara görä Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ardugan düýn eden çykyşnda Jamal Haşokçiniň ölümi baradaky Ähli maglumatlary 23-nji Oktýabrda yglan etjekdigini habar berdi.