Abutorabifard: Eýran Amerikanyň uruş maşynyny togtadandyr
Tehraniň juma namazynyň hatyby Eýran Yslam respublikasy Amerikanyň uruş maşynyny togtadandyr diýdi.
Hojjatol yslam welmoslemin Mohammad Hasan Abutorabifard şu gün Tehraniň juma namazynyň hutbalarynda beren gürrüňlerinde Amerikanyň öňki prezidenti hemde günbatar we gündogar syýasat bilermenleriň aýdanlaryna salgylanyp Eýran Yslam respublikasy ösüş tapgyrna ýetendir diýdi.
Tehraniň juma namazynyň hatyby Hojjatol yslam welmoslemin Mohammad Hasan Abutorabifard Donald Trampyň ýolbaşçylygyndaky Amerika döwletiniň syýasatlaryna yşarat edip Amerika Eýranyň garşysynda durandäldir belkide dünýäniň iki milliard jemgyýetiniň garşysynda durandyr diýip nygtady.
Tehraniň juma namazynyň hatyby Hojjatol yslam welmoslemin Mohammad Hasan Abutorabifard sözüniň dowamynda Amerika bilen Ysraýyl režiminiň uruş maşyny palçyga batandyr diýmek bilen Eýranyň nazara alýan strategiýasy uruşyň öňüne geçmek we şu ugurda Amerikany şowsuzlyga uçratmakdyr diiýp beýan etdi.