mertebesi belent ýolbaşçy: Amerikanyň synyp barýanlygynyň alamatlary görünip durandyr
Eýranyň Yslam Ynkylabynyň mertebesi Belent Ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi Hezretleri Amerikanyň synyp barýanlygy dünýä derejesinde abraýly nazar eýeleriň bir meňzeş hakykatyna öwürlendir diýmek bilen Eýran milleti hyjuw, ýokary ruhyýe we ýaşlarynyň işi we tagallasy bilen aýdyň we barha gowrak geljege garaşýandyr diiýp beýan etdiler.
şu gün Eýranyň Yslam Ynkylabynyň mertebesi Belent Ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi Hezretleri 13-nji aban gününiň bosagasynda okuwçylaryň we talyplaryň müňlerçesiniň arasynda beren gürrüňlerinde geçen 40 ýylyň boýunda uly şeýtan bolan Amerikanyň Eýrana garşy pitneleriniň şowsuzlyga uçranlygyna yşarat edip Eýranly talyplaryňAmerikanyň Eýrandaky içalylyk merkezi ilçihanasyny eýelemekleri Eýran milletiniň Amerika uran şarpygy bolandyr diýip nygtadylar.
Eýranyň Yslam Ynkylabynyň mertebesi Belent Ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi Hezretleri sözüniň dowamynda dünýäniň abraýly syýasat bilermenleriniň we sosiologlarynyň ýumşak gudratynyň dargap barýanlygynyň ykrar edendiklerine yşarat edip öz aýdanyny başgalara töňkemek baradaky Amerikanyň ýumşak gudraty durmuşda iň ejiz ýagdaýynda durandyr we Amerikanyň prezidenti Donald Trampyň gudrat başyna geleni bäri diňe milletlerdäl eýsem Ýewropa, Htaý, Orsýet, Hindistan, Afrika we latin Amerika döwletleri hem açyk tärde Amerikanyň tutýan tutumlaryna garşy çykýandyrlar diýip beýan etdiler.
Eýranyň Yslam Ynkylabynyň mertebesi Belent Ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi sebit ýurtlaryň ünsini Amerikanyň synyp barýanlygy baradaky hakykata çekmek bilen Amerikanyň alyp barýan syýasatlaryna goldaw bermek ugurda Palestina meselesini unutmaga razy bolýan döwletler , bilip goýsynlar Amerikanyň hut özi sebitde synyp barýandyr emma sebit milletleri we ondaky hakykatlar diridirler diýip sözüne goşdylar.