Gasemi: Eýran bilen Ýewropanyň maliýe çäresi gowy ilerläp barýar
(last modified Mon, 05 Nov 2018 16:15:23 GMT )
Nov 05, 2018 21:15 Asia/Ashgabat
  • Gasemi: Eýran bilen Ýewropanyň maliýe çäresi gowy ilerläp barýar

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram Gasemi içeri we daşary habarçylaryň arasynda beren gürrüňlerinde Amerikanyň Eýrana garşy amala aşyran gadaganlyklaryndan soňra ýewropalylaryň çynlakaýlyk bilen maliýe sistemany yzarlapdurandyklaryny aýdyp bu maliýe sistemany döretmek çylşyrymly işdir we ýewropa ýurtlaryň köpüsi bu mesele barada garaýşlaryny beýan etmelidirler diýip nygtady.

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram Gasemi sözüniň dowamynda Waşington döwletiniň Eýrana garşy gadaganlyklaryny ýaňadan amala aşyryp başlamagy Amerika döwletiniň halkara sistemasy bilen işläp bilmeýänligini mälim etdi diýip beýan etdi.

köp ýurtlaryň Eýrana garşy amala aşyrlan gadaganlyklarda Amerikany goldamandyklaryna garamak bilen täze gadaganlyklar ruhy uruşdan başga zatdäldir diýip Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram Gasemi sözüne goşdy.

nazara alynan çäreler we başga ýurtlaryň arkalaşygy bilen Amerikanyň birtaraplaýyn gadaganlyklaryny güýçden düşürip boljakdyr diiýp Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram Gasemi sözüne goşdy.