Nov 13, 2018 16:34 Asia/Ashgabat
  • Eýran Kabulda ýüze çykan terrorçylykly hüjümi ýazgardy

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili duşenbe güni Owganystanyň paýtagty Kabulda onlarça adamyň ölmegine ýa-da ýaralanmagyna sebäp bolan terrorçylykly hüjümi ýazgaryp Owganystanyň döwleti,milleti we bu jenaýatda gurban bolanlaryň maşgalalary bilen duýgydaşlygyny bildirdiler.

Irna habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Owganystan berk yrada we birleşik hemde geljege umytly bolmak bilen bu ýurtda terrorizmiň ýok olmagyna şaýat bolup biljekdir we onuň amala aşmagy sebit we dünýä derejesinde möhüm täsiri boljakdyr oňa görä hemme ýurtlar we halkara köpçüligi bu ýolda Owganystan döwleti bilen arkalaşmalydyrlar diýip Bahram Gasemi aýtdy.

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili şeýle-de Owganystanda köre körlikde amala  aşyrylýan terrorçylykly hüjümleri ýazgarmak bilen bir wagtda Owganystanda parahatçylyk berkarar bolýan mahalyna çenli Eýran döwletiniň we milletiniň Owgan döwleti we milletiniň ýanynda boljakdygyny nygtady.

Owganystanyň içeri işler ministrliginiň metbugat wekili Najip Daneş düýn Kabulda prezident köşkiniň golaýynda ýüze çykan terrorçylykly hüjümde 6 adamyň ölüp 20 adamyň ýaralanandygyny yglan etdi.

terrorçy DAEŞ topary bu hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

Tags