tehraniň juma namazynyň hutbalary
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i417-tehraniň_juma_namazynyň_hutbalary
Tehraniň juma namazynyň hatyby DAEŞ-iň dargamagy Amerika, Ysraýyl režimi we halkara sionizmiň şowsuzlyga uçramagy manysyndadyr diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Nov 24, 2017 18:50 Asia/Ashgabat
  • tehraniň juma namazynyň hutbalary

Tehraniň juma namazynyň hatyby DAEŞ-iň dargamagy Amerika, Ysraýyl režimi we halkara sionizmiň şowsuzlyga uçramagy manysyndadyr diýdi.

Hojjatol Yslam Welmoslemin Kazem Seddigi Tehraniň juma namazynyň hutbalarynda beren gürrüňlerinde DAEŞ-iň darganlygyna yşarat edip Amerika, Sionist režimi we Arabystan DAEŞ-i döredip sebiti durnuksyzlaşdyrmagyň yzynda boldylar emma olaryň pitneleri şowuna bolmady diýip nygtady.

Tehraniň juma namazynyň hatyby Hojjatol Yslam Welmoslemin Kazem Seddigi sözüniň dowamynda umum adamzadyň taryhyndaky jenaýatlaryň hemmesi DAEŞ toparynda jemlenýär we metjitleri ýykmak, ýazyksyz adamlary gyrana bermek, adamlaryň başyny kesmek we diýri ýakmak bu terrorçy toparyň jenaýatlarynyň bir bölegini ybaratlaýar diýip beýan etdi.

ýolbaşçynyň ýol görkezmeleri, Yrakda şaýlaryň ýokary derejeli alymy Aýatolla Sistaniň täsirli roly, Eýranyň Sepah Pasdaranynyň Kudus güýjiniň serkerdesi serdar Gasem Soleýmaniň taýsy ýolbaşçylygy, Yrakdyr Siriýa milletleriniň we döwletleriniň jihadi hereketleri we bu iki ýurduň döwletlerine we milletlerine Eýranyň resmileriniň beren goldawlary DAEŞ-iň ýogalmagyna sebäp bolan şertlerdendir diýip Tehraniň juma namazynyň hatyby Hojjatol Yslam Welmoslemin Kazem Seddigi sözüne goşdy.