Aýatolla Hatami: musulmanlar uly gudratlaryň pitneleriniň garşysynda durmalydyrlar
Tehraniň wagtlaýyn juma ymamy musulmanlar uly gudratlaryň pitneleriniň garşysynda durmalydyrlar we yslam ymmatynyň arasynda agzalalyk döredilmegine rugsat bermelidäldirler diýdi.
Tehraniň wagtlaýyn juma ymamy Aýatolla Seýed Ahmad Hatami şu gün Tehraniň juma namazynyň hutbalarynda musulmanlaryň agzybir bolmagyny nygtamak bilen şyga we sünni , meňzeşliklerine daýanyp yslamyň duşmanlarynyň garşysynda durmalydyrlar we birleşigi bilen Amerikanyň agzyna ýumryk urmalydyrlar diýip nygtady.
Tehraniň wagtlaýyn juma ymamy Aýatolla Seýed Ahmad Hatami sözüniň dowamynda besij, dini we gymmatlyklary goramaklyga týýarlyk medeniýetidir diýmek bilen bu medeniýet Yrakda netije berendir we Musel şäherini DAEŞ-iň şerinden halas edendir we Liwan, Siriýa we ýemen ýurtlarynda hem besij medeniýeti netijeli bolandyr diýip beýan etdi.
Tehraniň wagtlaýyn juma ymamy Aýatolla Seýed Ahmad Hatami Amerikanyň prezidentiniň Eýrana garşy aýdan gürrüňlerine hem yşarat edip Waşington döwletiniň özi terrorçy we terrorçy tälimberijidir we terrorçylary Siriýa iberendir we DAEŞ ýaly terrorçy toparlaryň döremegine sebäp bolan Arabystana goldaw berýändir diýip nygtady.
Tehraniň wagtlaýyn juma ymamy Aýatolla Seýed Ahmad Hatami Arabystan we onuň ýaranlarynyň ýemende baş goşýan jenaýatlaryna yşarat edip halkara köpçüligi Ýemen synagyndan başýokary çykyp bilendäldir we diňe Arabystan we onuň ýaranlarynyň ýemende baş goşýan jenaýatlaryny ýazgarmak bilen kanagatlandy diýip nygtady.