Nov 29, 2018 19:05 Asia/Ashgabat
  • Larijani:Aziýa meselelerini çözmek üçin Siriýanyň dosiýasy gowy nushadyr

Eýranyň mejlis başlygy Ali Larijani sebitleýin kynçylyklary çözmekde Eýran,Orsýet,Siriýa we Türkiýäniň hyzmatdaşlyklary Aziýanyň syýasy we ykdysady kynçylyklaryny çözmek üçin bir nusgadyr diýdi.

Aziýa mejlisleriniň umumy ýygnagyna gatnaşmak üçin Türkiýä sapar eden Ali Larijani habarçylaryň arasynda eden çykyşynda durmuşda Aziýa yklymy köp mümkinçiliklere şol sanda energiýa,tebigy we ynsanlyk mümkinçiliklere eýedir diýmek bilen bu mümkinçilikler sebitiň çynlakay ösüşine sebäp boljakdyr diýip nygtady.

Larijani sözüniň dowamynda Aziýa mejlisleriniň umumy ýygnagynyň düýbini tutan asly ýurt Eýran mejlisidir we Aziýa ýurtlary oňa goşulandyrlar diýdi.

Eýranyň mejlis başlygy Ali Larijani şeýle-de golaý geljekde Eýran,Hytaý,Türkiýe,Orsýet, Owganystan we Pakistan ýurtlaryň mejlisler ara maslahatynyň Tehranda geçiriljekdigini yglan etmek bilen bu maslahatda terrorizme we neşe maddalaryna garşy göreşmek hemde ykdysady hyzmatdaşlyklar barada gürrüň ediljekdir diýdi.

Eýranyň mejlis başlygy Aziýanyň mejlisler ara umumy ýygnagynyň 11-nji maslahatyna gatnaşmak üçin düýn bir topara baş tutanlyk edip Stambula sapar etdi.şu gün başlanan bu maslahat 3 gün dowam etýär.

Tags