Harazi:maliýe sistemany berkarar etmek ugurda Ýewropa Bileleşigi ädim ätmelidir
Eýranyň daşary gatnaşyklar boýunça strategik geňeşiniň başlygy Kamal Harazi Eýran bilen maliýe sistemany berkarar etmek üçin Ýewropalylar amaly çärelere baş goşmalydyrlar sebäbi Eýran hem oňa görä çäre görmelidir diýdi.
şu gün Eýranyň daşary gatnaşyklar boýunça strategik geňeşiniň başlygy Kamal Harazi Tehranda Aziýanyň günbatarynda durnuklylyk we ýaraşyk"bir sebit"bir ykbal ady bilen geçirilen ýygnagyň ýanynda habarçylaryň arasynda eden çykyşynda Ýewropalylar üstümizdäki milady ýylyň soňuna çenli Eýran bilen Ýewropanyň arasynda SPW adly maliýe sistemany ýola berjekdiklerini Eýranyň daşary işler ministrne wada berendirler diýip nygtady.
SPW maliýe sistemasy Amerikanyň gadaganlyklaryna garamazdan Eýran bilen Ýewropanyň söwda hyzmatdaşlyklarynyň dowam etdirilmegine mümkinçilik döretýändir.
Harazi şeýle-de Eýranyň, ilatyň erkinlikde bolmaklaryny isleýändigine we garaşsyz ýurtlary goldaýandygyna salgylanyp terrorizme garşy göreşde hemde sebitiň kanuny döwletlerini goldamakda Eýran esasy roly oýnaýandyr diýdi.