Zarif:Palestinany goldamak Eýran Yslam Respublikasynyň usully syýasatydyr
(last modified Sun, 23 Dec 2018 14:09:23 GMT )
Dec 23, 2018 19:09 Asia/Ashgabat
  • Zarif:Palestinany goldamak Eýran Yslam Respublikasynyň usully syýasatydyr

Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif Palestinany goldamak Eýran Yslam Respublikasynyň esasy syýasatlaryndandyr diýip yglan etdi.

şu gün Muhammet Jawad Zarif Tehranda Palestinanyň parlamentiniň syýasy we daşary işler komissiýasynyň başlygy Mahmut Al-Zahar we onuň ýolbaşçylygyndaky topar bilen geçiren duşuşygynda Yslam dünýäsi käbir agzalalyklara garamazdan Palestina meselesi barada birleşmelidirler diýmek bilen gynanç bilen yslam dünýäsiniň içinden çydam toplumyna garşy çykylýar diýip nygtady.

Zarif sözüniň dowamynda Amerika we Sionist režiminiň hemaýatlaryna göz dikýän käbir musulman döwletleri yslam dünýäsine gaýdyp gelmäge çagyrmak bilen Sionistler hiç kime ynamly dost we arkadaş bolup bilmezler diýip beýan etdi.

Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif şeýle-de Palestinanyň parlamentiniň bozulmagy barada gynanjyny beýan etmek bilen bu hereket demokratik usullaryna garşydyr we Sionistleriň maksatlary ugurndadyr diýip sözüme goşdy.

Palestinanyň parlamentiniň syýasy we daşary işler komissiýasynyň başlygy Mahmut Al-Zahar şeýle-de Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysynyň halkara işler boýunça geňeşçisi Ali Akbar Welaýaty bilen duşuşdy.bu duşuşykda Welaýaty Sionistleriň zyýada talaplyklaryny diňe çydam bilen ýeňip boljakdygyny nygtap geçdi.

 Mahmut Al-Zahar hem bu duşuşyklarynda Eýranyň döwletiniň we milletiniň Palestina beýan goldawlary babatly minnetdarlygyny bildirmek bilen yslam oýalygy ýaýrap barýandyr we Palestinanyň ýeňiş gazanjakdygyna şek-şübhe ýokdyr diýip nygtady.