Şamhani: Eýran her hili ýagdaýda Palestinany goldajakdyr
Eýranyň milli howpsuzlyk boýunça ýokary geňeşiniň sekretary Ali Şamhani , çydam toplumy we Palestina ilatyny Eýranyň berk goldaýanlygyny aýdyp gaza ilatyna iýmit we derman kömekleriň iberilmeginiň dowam etjekdigini nygtady.
şu gün Eýranyň milli howpsuzlyk boýunça ýokary geňeşiniň sekretary Ali Şamhani Tehranda, Palestina parlamentiniň daşary işler we syýasy komisiýasynyň başlygy mahmud Al-Zahar bilen geçiren duşuşygynda Palestinany goldamagy we mukaddes Kudusyň azatlygyny yslam dünýäsiniň ileri tutýan iň möhüm meselesi hasaplady.
Şamhani şeýle-de yslam dünýäsiniň asly duşmany bolýan sionist režimine garşy söweşiň ýolyny gyşarnyga çekmek ugurda her hili hereketiň amala aşmagyny yslam dünýäsine dönüklik etmek hasaplap sionist režimi bilen garşylaşmak ugurda Iordaniýa akarynyň günbatarynda we gaza zolagynda çydamyň we ilatyň tagallalaryndan gadyrdanlyk etdi. ol şeýle-de sionist režimiň mekirli hereketleriniň garşysynda milletleriň oýalygy we hüşgärligi, bu režimiň ýogalmagyna baryp çatjakdyr diýdi.
Hamasyň ýolbaşçylaryndan we syýasy gullugynyň agzasy bolýan mahmud Al-Zahar hem Eýranyň ýolbaşçysyna, döwletine we milletine, Palestina milletini we çydamyny goldaýanlygy babatly minnetdarlygyny bildirdi.