Gasemi:Amerikanyň basyşlarynyň garşysynda Ýewropanyň yradasy ýokdyr
(last modified Mon, 31 Dec 2018 13:04:26 GMT )
Dec 31, 2018 18:04 Asia/Ashgabat
  • Gasemi:Amerikanyň basyşlarynyň garşysynda Ýewropanyň yradasy ýokdyr

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram Gasemi Ýewropa Bileleşigi amal ýüzünde Amerikanyň basyşlarynyň garşysynda yradasyzdygyny mälim etdi diýdi.

şu gün Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram Gasemi habarçylaryň arasynda eden çykyşynda SPW adyny alan ýörite maliýe sistemany amala aşyrmak ugurda Ýewropanyň bitiren işi ýokdyr diýmek bilen ýadro ylalaşygyny goramak üçin berilen iki aý möhletiň gutarandygyna garamazdan işiň çylşyrymlylygy we Amerikanyň Ýewropa berýän çendenaşa basyşy netijesinde SPW-iň amala aşyrylmagy uzaga çekdi diýip nygtady.

Gasemi sözüniň dowamynda ýadro ylalaşygyny goramak üçin Ýewropa syýasy yradadan paýlydyr emma Amerikanyň basyşlarynyň garşysynda hiç zady oňarmaýanlygyny belli etdi diýip beýan etdi.

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili sözüniň ýene bir bölüminde Owganystanyň ýarysyndan gowragynyň Taliban toparynyň erkindedigini aýdyp bu ýurtdaky durnuksyzlyklara we kynçylyklara garamak bilen Taliban topary Eýran bilen gepleşik geçirmäge ykjam boldy we Kabul döwletiniň sazlaşygy bilen bu gepleşikler Tehranda Eýranyň daşary işler ministrniň syýasy işler boýunça orunbasary Seýt Abbas Aragçy başlyklaýyn topar bilen amala aşyryldy diýip yglan etdi.

bu gepleşiklerden maksat owgan toparlary bilen Owganystan döwletiniň gepleşiklerine şert döretmekdir diýip Gasemi sözüne goşdy.